SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy Tatýana Walowaýa öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk guraldy we onuň dowamynda Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygyna degişli bolan aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli ha...
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan COP28-de öňe sürlen milli garaýyşlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde neşir edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy. Resminamanyň doly tekstini aşakdaky salgyda tanyşyp...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň Ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak ga...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndü...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýo...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly...
Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle-de, Türkmenistan b...