SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ YRAK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Yrak Respublikasynyň Prezidenti jenap Barham Salehe Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Abu-Dabi şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
Aşgabatda KHBS wekilleri üçin BSG-niň Ýewropa maslahatyna bagyşlanan brifing geçirildi
2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) bilen birlikde guralýan “Ýewropada Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi” atly Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýy...
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi
2019-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolmak bilen Türkmenistan ýene-de bir uly göwrümli sport çäräniň geçirilmegine taýýarlanýar. Şeýlelikde, Halkara Sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň kararyna laýyklykda 2020...
Aşgabatda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly forumy geçirildi
2019-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly halkara forumy geçirildi. Forumyň işine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2019-njy ýylyň 4-6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe resmi we iş duşuşyklaryny geçirdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus t...
Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz 1-nji aprelde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda bu meselä degip geçmek bilen, T...
BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Ilçihanalaryň press-attaşeleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, BMG-niň Türkmen...