SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forumy geçirildi
2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle...
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk: däpler we täzelikler
Türkmenistanda ähli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary bilim ulgamyny hem öz içine alýar. Hut şu ulgam ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň ilerledilmegi, sanly ykdysadyýetiň we bilimler jemgyýetiniň kemala gelmegi üçin esasy ugur bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze nusgasynyň kemala gelmegi baý milli tejribä, mugallymçylyk däplerine hem-de umumydünýä ýörelgelerine esaslanýar. Şu maksat...
Экипажи Агентства «Türkmenhowaýollary» совершенствуют аварийно-спасательную подготовку
В Школе подготовки лётного персонала Агентства «Türkmenhowaýollary» приступили к тренировкам экипажей воздушных судов по аварийно-спасательной программе. Специально для отработки слаженных действий пилотов и бортпроводников в аварийных ситуациях здесь развёрнуты тренажеры, моделирующие различные нештатные ситуации на борту и позволяющие имитировать посадку лайнера на сушу или на воду. Создать эффект полёта и экстренной посадки помогает подвижная платформа, а также достоверная визуализация и звук...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykda, ýurdumyzda senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilýär, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda düýpli çäreler durmuşa geçirilýär. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ony dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň ygtybarly ýoludyr. Şunda baý ýerli serişd...
Türkmen türgeni gylyçlaşmak boýunça açyk çempionatda altyn medaly eýeledi
2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigista...
Türkmen türgenleri garly-buzly ýollarda ýaryşmak boýunça dünýä Kubogynyň birinji tapgyrynda çykyş etdiler
2019-njy ýylyň 14-17-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna türkmen sürüjiler topary gatnaşdylar. Biziň watandaşlarymyz Muhammetmyrat we Şamyrat Gurbanowlaryň topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar, üçünji orny bolsa Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeledi. Ralli-reýd boýunça halkara ýaryşda 15 döwletden toparlaryň 29-sy gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz Argenti...
Türkmen wekiliýeti Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherinde iş saparynda bolýar
2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meseleler...