SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy parti...
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy
Şu gün Esenguly etrabynyň merkezinde baýramçylyk öwüşginli dabara boldy. Bu ýerde 2018-nji ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda guralan bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki mynasyp bolan baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular hem-de et...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassy...
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow TDH-a interwýu berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler minstri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan soň TDH-nyň habarçysyna interwýu berdi: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen söhbetdeşligiň barşynda men Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň mähirli salamyny, Türkmenist...
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler
2019-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...
«Açyk gapylar» we oňyn bitaraplyk syýasaty
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giňden ykrar edilen, ösüşlere beslenen täzeçillik syýasaty netijesinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda Türkmenistan halkara abraýyny has-da artdyryp, parahatçylykly daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Şeýlelikde, geçen ýyl Mejlisiň VI çagyrylyşyny...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Türkmenistan öz ösüşiniň nobatdaky tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda tassyklanan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge girişýär. Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu iş eýýäm başlandy — milli Lideri...