RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Few

Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň şertlerini üpjün edýär

Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipele...

DOWAMY
pic
31 Ýan

TDIM-de Ýewropa Bileleleşiginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.  Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda...

DOWAMY
pic
30 Ýan

Aşgabatda Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekil...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Türkmenistanyň Ilçisiniň Rumyniýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurmagy

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Buharest şäherindäki Kotroçeni köşgünde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýewiň  Rumyniýanyň Prezidenti jenap Klaus Werner Ýohannise ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem çärä Rumyniýanyň Prezidentiniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi jenap Bogdan Auresku, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Danus Sebastian Nekulaesku hem-de Ilçihananyň diplomatlary gatnaşdylar. Rumyniýanyň Prezidenti bilen gepleşikleriň bar...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy GDA-nyň baş binasynda sergi gurnady

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi. Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine Ýe...

DOWAMY
pic
28 Ýan

Türkmenistanyň DIM-de GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDGM-niň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň (YHDGM) başlygy Polat Bilbil oglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenilip geçildi. Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde geçiril...

DOWAMY
pic
28 Ýan

Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabatda brifing geçirdi

2019-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp brifing geçirildi. Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri we wekilhanalarynyň hem-de halkara...

DOWAMY