SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik strategiýasy täze neşirlerde öz beýanyny tapýar
Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanýar. Neşir däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň ýokary derejedäki ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary we gepleşikleri beýan edilýär. Şolaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabryndan bäri ýola goýulan, Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly soraglaryň hataryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 28-nji...
Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary
Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi. Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokal...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bell...
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasat...
Ýerli çig maldan portland sement öndürilip başlandy
Türkmen himiýaçylary ýerli çig maly – demir oksidini ulanyp sulfatdurnukly (portland) sement almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Sementiň bu görnüşi tebigy ýagdaýlara, şeýle hem agressiw himiki maddalara durnuklydyr, şonuň üçinem gurluşykda tapylgysyzdyr. Adatça, ol suwasty we ýerasty massiwler betonlananda ulanylýar. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Balkan sement zawodynda eýýäm ýerli çig maldan sulfatdurnukly sement önümçiligi özleşdirildi. Onuň ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlary...