RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

GYÝANLY POLIMER ZAWODYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanly Polimer zawodynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge ukyply bu ägirt uly kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň dünýä bazarynda islegleri kanagatlandyryp, şeýle hem eksport mümkiçiligini artdyrar. Bu z...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgam...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-d...

DOWAMY
pic
16 Okt

DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda...

DOWAMY
pic
16 Okt

«TERRORÇYLYK BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA MILLI WE SEBITLEÝIN MÜMKINÇILIGI BERKITMEK MAKSADY BILEN SERHETLERI GORAMAK WE DOLANDYRMAK BABATYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBE» ATLY OKUWY AŞGABATDA IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan gurnalan «Terrorçylyk bilen göreşmek boýunça milli we sebitleýin mümkinçiligi berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribe» atly okuwy öz işine başlady. Sebitde terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça işi «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kont...

DOWAMY
pic
15 Okt

Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Ahal welaýaty

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Zähmetsöýer daýhanlar «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Indi esasy wezipe ýetişdirilen hasyly soňky übtügine çenli ýygnamakdan hem-de Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.  Ahal welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymy möwsümini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar, geçen ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem pagtanyň 207 müň tonnasyny taýýa...

DOWAMY
pic
15 Okt

К массовой уборке риса приступили земледельцы Дашогузского велаята

В этом году в северном регионе сортами жемчужного зерна «Нукус-2», «Мунбаши» и «Эленга» было засеяно восемь тысяч сто гектаров. Основными производителями этой культуры являются специализированные хозяйства этрапа имени С.Туркменбаши, где успешно возделывают наиболее адаптированные к местным почвенно-климатическим условиям высокоурожайные и болезнеустойчивые сорта риса. Посевной материал для них был подготовлен расположенным на территории это же этрапа предприятием по очистке риса, поставляющим е...

DOWAMY