SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...
DAŞKENTDE TÜRKMEN-ÖZBEK IEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşkent şäheriniň “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenl...
DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...
HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERI ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň teklip eden Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...
TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝADAKY KONSULLYGY TARAPYNDAN (MAÝN BOÝUNDAKY FRANKFURT ŞÄHERI) SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Konsullygy (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň bir aýlygyna bagyşlap sport çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda kiçi futbol, stolda oýnalýan tennis we şaşka boýunça ýaryşlar gurnaldy. Oňa diplomatik korpusyň, halkara banklaryň, kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynda bilim alýan türk...
DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MAKSATNAMANY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞÇI TOPAR DÖREDILDI
Aşgabatda Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji pudagara maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) ýardam bermeginde daşky gurşawy gorap saklamak we ýer baýlyklary boýunça Döwlet komiteti çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler. Maslahata Türkmenistandan teklipleri ber...