SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ NOBATDAN DAŞARY VIII GURULTAÝY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu...
HANOÝDA ILKINJI TÜRKMEN-WÝETNAM SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (Hanoý ş.) iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda wýetnam wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Buý Than Şon baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekk...
SEULDA TÜRKMEN-KOREÝA GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, s...
TÜRKMENISTANDA ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BIRINJI SENAGAT SERGISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 29-njy martynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Söwda-senagat edarasy gurady. Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden ybarat bolan wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Serginiň açylyş dabarasyna Me...
“PARAHATÇYLYK PROSESI, HOWPSUZLYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK WE SEBITDÄKI ARABAGLANYŞYK” ATLY OWGANYSTAN MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto, BMG-niň Merke...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzüml...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady. Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat n...