RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Ýan

PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleri...

DOWAMY
pic
12 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI GELJEKDE GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...

DOWAMY
pic
8 Ýan

«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI

Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen  syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....

DOWAMY
pic
3 Ýan

HYTAÝDAN EÝRANA TÄZE UGUR BOÝUNÇA NOBATDAKY ÝÜK OTLUSY GOÝBERILDI

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň,  hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň,  Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär. Çanşa - T...

DOWAMY
pic
2 Ýan

TÜRKMEN HOWA ÝOLLARY AŞGABAT-ÝEREWAN-FRANKFURT UGRY BOÝUNÇA GATNAWY AÇDY

Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawy açdy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda g...

DOWAMY
pic
29 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET WE HUKUK INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Tür...

DOWAMY
pic
15 Dek

AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MASLAHATY GEÇIRILDI

2017-ýylyň 14-nji dekabrynda paýtagtyň Arçabil myhmanhanasynda Türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny durmuşa geçirmegiň we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işjeň gatnaşyklary we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze usullary kesgitlenildi. Maslahatyň işine Türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň we «Westport Trading Europe», «Elizarov Consulting Group», «Oxbow Sulphur», «General Electric», «John Deere», «Nickla...

DOWAMY