SOŇKY HABARLAR
SEBIT EKOLOGIÝA MERKEZI SUW SERIŞDELRINI DOLANDYRMAK ÝÖRELGESINE BAGYŞLANAN SEMINARY GEÇIRDI
Aşgabatda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre Araly halas ediş halkara gaznasyna (AHEHG-a) ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy. Duşusyga Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hün...
AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2017” ATLY ХХII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...
AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...
DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhimi...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DURMUŞ ÄHMIÝETLI DESGALARYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. 18 sany ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýl...
«HAZAR SEBITINDE PARAHATÇYLYK, DURNUKLYLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY
2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...
DUŞANBEDE TÜRKMEN-TÄJIK GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Zohodi we Tajigistanyň Daşary işler ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ş.Niýozow bilen duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda esasy üns ýokary derejeli saparlary gurnamak meselelerine berildi. Şeýle-hem, taraplar geljekde daşary syýasy e...