RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Dek

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Iogann Wolfgang fon Gýote

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we a...

DOWAMY
pic
20 Dek

Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Bütindünýä yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çärelere gatnaşdy. Çäreler Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ICESCO-nyň Baş direktoraty we Türki medeniýetiň ha...

DOWAMY
pic
6 Dek

Ýaňgala tebigy ýadygärligini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek mümkinçiligi öwrenilýär

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda geçen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň ýurdumyzyň özboluşly gözel ýerlerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça mümkinçiligini öwrenmek boýunça toparyň işi baradaky hasabaty diňlendi. Onda gürrüň, hususan-da, Hazar deňziniň günorta kenarynda ýerleşýän gadymy palçyk wulkanlary Akpatlawuk we Gökpatlawuk,...

DOWAMY
pic
2 Dek

Polşa Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 22-26-njy noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň wekilleri Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde boldular. 23-nji noýabrda türkmen wekiliýeti göz öňünde tutulan medeni meýilnama laýyklykda Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başda durmagynda alnyp barylýan, türkmen halkynyň baý edebi mirasyny çuňň...

DOWAMY
pic
27 Noý

Aşgabat şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň we serginiň çäginde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Durnukly ulagyň dostlary toparynyň daşary ýurt agza ýurtlar...

DOWAMY
pic
25 Noý

Nemes sazandalary nemes kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen bilelikde nemes nusgawy sazlarynyň meşhur eserleriniň gala-konsertini gurady. Konsert Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi. Konsertde «Klenke» kirişli saz topary (kwartet) we dört kirişli kontrabas saz guralyny çalýan Alf Mozer çykyş etdiler. «Klenke» kwarteti 30 ýyldan bäri nemes sazlaryndan ybarat...

DOWAMY
pic
21 Noý

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Şu gün — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki duşuşyk ileri tutulýan ugurlarda gatn...

DOWAMY