SOŇKY HABARLAR
Hessen döwlet kanselýariýasynyň protokolynyň başlygy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Hessen federal ýeriniň (Wizbaden şäheri) Döwlet kanselýariýasynda Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen Döwlet kanselýariýasynyň protokolynyň başlygy Dieter Baýneniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda D.Baýne Döwlet kanselýariýasynyň işiniň esasy ugurlary, söwda we ykdysady potensiýal we Hessen federal ýeriniň medeni dürlüligi bilen tanyşdyrdy, şeýle hem bu federal ýeriniň çäklerinde ýerleşýän şäherlerden iň ulusy we Germaniýada iri işe...
Deutsche Bankyň Frankfurtdaky baş edarasynda Türkmenistan bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Deutsche Bank AG»-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen bankyň Demirgazyk we Gündogar Ýewropa sebit bölüminiň baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartzyň arasynda ýygnak geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda maliýe we bank pudagynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýorg Bongartz soňky ýyllarda Germaniýanyň banky...
Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygynda “Messe Frankfurt” sergi-ýarmarkalar merkeziniň sebitleýin müdiri bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygynda konsul Myrat Özbekbaýew bilen “Messe Frankfurt” sergi-ýarmarkalar merkeziniň Aziýa, Merkezi Aziýa we Günorta Amerika boýunça sebit müdiri Ýurgen Wertziň arasynda duşuşyk geçirildi. 2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Messe Frankfurtyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň çäginde geçirilen duşuşykda bilelikdäki çäreleri we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary durmuşa geçirmegiň mes...
Türkmenistanyň GFR-däki konsuly öz wezipesine başlady
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň (daşary syýasat we daşary işler çygrynda) Federal, Ýewropa we halkara işleri we debýurokratizasiýa boýunça döwlet ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullaryň, şol sanda Türkmenistanyň GFR-daky täze konsuly Murat Özbekbaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda döwlet ministri diplom...
Türkmenistanyň GFR-däki konsuly öz wezipesine başlady
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň (daşary syýasat we daşary işler çygrynda) Federal, Ýewropa we halkara işleri we debýurokratizasiýa boýunça döwlet ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullaryň, şol sanda Türkmenistanyň GFR-daky täze konsuly Murat Özbekbaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda döwlet ministri diplom...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 28-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny we arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu...