SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildir...
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy. Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi. Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý...
Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda özgermegini dowam edýän giň tejribä we deňhukuklyga, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini...
Daşary işler ministriniň orunbasary Şwesiýanyň Ilçisiniň ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geç...
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine-2023 gatnaşdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda 2023-Bütindünýä hökümet sammiti geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriňdir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady....
Çehiýanyň täze bellenen Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Çehiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Waslaw Ýilegi kabul etdi. Wepa Hajiýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, Ilçiniň täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şeýle hem halkara we sebit gur...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdi...