SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň mejlisiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakynd...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Astanada «C5+1» formatdaky mejlisine gatnaşmagyň çäginde geçirilen duşuşyklary
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk ýurtlardygyny, iki tarapyň arasyndaky iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini doly görkezýändigi nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Ser...
Türkmenistan wekiliýetiniň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly sebit ösüşiniň möhüm ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Duşuşyga gat...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi
2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň "Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak" atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasynyň taslamasyna seredildi. Türkmen tarapy bu kararnamany hödürlemek bilen, 2007-nji ýylda Aşgabatda döredilen...
Türkmen-Britan “Gurluşlaýyn dialogy”öz işini tamamlady
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda türkmen-britan “Gurluşlaýyn dialogynyň” ikinji bölümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda işini dowam etdirdi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşky gurşaw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berýändigi, hususan-da, howanyň täsirini azaltmak üçin oba hojalygy, tokaý hojalygy...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşdy. Netijeli halkara daşky gurşaw gepleşiklerini güýçlendirmek çarçuwasynda Türkmenistan hökümeti döwletiň ykdysady bähbitlerini degişli derejede ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen birleşdirmäge uly üns berýär. BMG-nyň Durnukly ösüş "Rio + 20" konferensiýasynda eden çykyşynda Türkmenis...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. 22-nji fewralda ýokary derejedäki...