SOŇKY HABARLAR
Çehiýanyň täze bellenen Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Çehiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Waslaw Ýilegi kabul etdi. Wepa Hajiýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, Ilçiniň täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şeýle hem halkara we sebit gur...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdi...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler. Forumyň barşynda de...
Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-niň Ilçisi M.Klimou bilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketine, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek ugrunda Türkmenistany...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasyna bardy
2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky Ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Dol...
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
2023-nji ýylyň 7-nli fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler. Doganlyk halklar bilen dostlukly gatna...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda dipl...