SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimu...
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bi...
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Dialogyň şu gezekki maslahatynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bi...
Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda gibrid görnüşinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler mejlisi geçirildi. Topar 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi we häzirki wagta çenli oňa 20-den ýurt goşuldy. BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak, çaknyşyklaryň öňüni almak we olaryň sebäplerini we netijelerini ýok etmekde bitaraplyk ýörelge...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen Italiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 9-nji dekabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň täze bellenen Italiýanyň Türkmenistandaky Adadtdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luidji Ferrari bilen duşuşygy geçirildi. W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Ferrari iň gowy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, türkmen-italýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy - Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris. Men sizi we siziň üstüňiz bilen ähli halkymyzy Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatly watandaşlar! Geçen ýyl Türkmenistan «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda...