SOŇKY HABARLAR
Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň nobatdaky mejlisi barada
2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda, daşary işler, içeri işler, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we ş.m. ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistany...
Aşgabatda ýaşyl we wodorod energetikasy hem-de metanyň zyňyndylary ugurlary boýunça Türkmenistanyň we ÝB-niň bilelikdäki maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar. Kadri Simson, Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre, Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgeme...
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy
Şol günüň özünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Ş...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýa we ÝB-niň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça maslahatyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Samarkand şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça: Durnukly ösüş üçin ählumumy derweze atly maslahatyna gatnaşdy. Onda şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümet wekiliýetleri hem-de ýewropaly syýasy we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe gir...
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär
2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala...