TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN MASLAHAT

2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy, häzirki güni we geljegi» atly maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistan ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik gullugynyň işgärlerine diplomatlaryň güni we maslahat mynasybetli Gutlag haty okaldy. Onda berkarar Watanymyzyň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygyny barada beýan edildi.