Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndürijilikli häsiýeti beýan edildi, onuň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Munuň bilen birlikde, taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellendi. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisiniň kararlaryny çözgütlerini durmuşa geçirmegiň gidişini seredilip geçildi.

Diplomatlar medeni we ynsanperwer ugurda ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler. Bu nukdaýnazardan, Aşgabatda we Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň wajyplygy bellendi.

Parlamentleriň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmagyň geljegi barada pikir alşyldy.