Türkmenistanyň Germaniýadaky konsullygynda “Messe Frankfurt” sergi-ýarmarkalar merkeziniň sebitleýin müdiri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygynda konsul Myrat Özbekbaýew bilen “Messe Frankfurt” sergi-ýarmarkalar merkeziniň Aziýa, Merkezi Aziýa we Günorta Amerika boýunça sebit müdiri Ýurgen Wertziň arasynda duşuşyk geçirildi.

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Messe Frankfurtyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň çäginde geçirilen duşuşykda bilelikdäki çäreleri we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri we beýleki geljegi uly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hususan-da, Frankfurt ýarmarkasynyň wekili sergi çäreleriniň dürli bölümlerinde türkmen tarapy bilen gatnaşyklary artdyrmak isleýändigini belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň şu maksatlar üçin 2019-njy ýylda Aşgabatda Messe Frankfurtyň resmi wekilhanasyny açandygy bellenildi.

Duşuşykda taraplar gyzyklanýan döwlet edaralaryny we Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekillerini çekmek maksady bilen Messe Frankfurt tarapyndan gurnalan Frankfurtda we daşary ýurtlarda geçiriljek iri ýöriteleşdirilen sergileriň meýilnamasynyň üstünde durup geçdiler. Şeýle hem, Frankfurt ýarmarkasy bilen bolup biläýjek bilelikdäki çäreler barada pikir alşyldy.