«Meňli» Döwlet tans topary sungatymyzy Wengriýada görkezýär

Wengriýada geçýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde milli tans sungatymyzy ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» Döwlet tans toparynyň artistleri görkezýärler.

Bu toparyň maksatnamasynda folklor boýunça horeografik kompozisiýalar, ilhalar türkmen tanslary we dünýä halklarynyň tanslary bar. Olaryň dürli ýurtlarda edýän çykyşlary, hökmany suratda, tomaşaçylary haýrana goýup, şowhunly el çarpyşmalar döredýär.

«Meňli» tans ansamblynyň agzalary tans sungatyna tüýs ýürekden berlen juwan gyzlar, şol sanda talyplar we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr. Olaryň çykyşlary seýkin gözelligi we çalasyn hereketleriň çeýeligi, juwanlyk joşguny hem owsuny bilen tapawutlanýar. Özboluşly parlak lybaslar, adaty türkmen şaý-sepleri bolsa tanslaryň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Bu toparyň çykyşlary daşary ýurtly tomaşaçylara özboluşly halk döredijiliginiň iň gowy nusgalaryny özüne siňdirmek bilen, köpasyrlyk we häzirki zaman däp-dessurlaryň sazlaşykly garnuwyna öwrülen häzirki zaman türkmen tans sungatynyň köpdürli täsirli serişdeleri barada düşünje berýär.

«Meňli» tans ansamblynyň artistleriniň sungaty diňe bir ençeme gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan ýeri Türkmenistanda tanalmak bilen çäklenmeýär. Bu topar halkara medeni çärelere ýygy-ýygydan gatnaşýar, ýakyn we uzak daşary ýurtlaryň şäherlerinde myhmançylykda bolýar. Türkmenistanyň Wengriýada geçýän Medeniýet günlerine gatnaşmaklary-da munuň bir subutydyr.