«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Iogann Wolfgang fon Gýote
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz Iogann Wolfgang fon Gýote barada.
Nemes şahyry, dramaturg, romançy, alym-ensiklopediýaçy, döwlet işgäri, teatr režissýory we tankytçysy Iogann Wolfgang fon Gýote 1749-njy ýylda Maýn boýundaky Frankfurt söwda şäherinde dogulýar. Onuň bu şäherde dünýä inen öýi häzirki wagt Gýoteniň muzeýi bolup durýar. Çagalykda Iogann jemgyýetçilik mekdebine gidipdir, soňra onuň kakasy öýünde okatmaga adam tutup, nemes, fransuz, latyn, grek, idiş, iwrit, iňlis, italýan dilleri, tebigy bilimler, surat çekmek boýunça ogluny okatmak bilen öýünde hemmetaraplaýyn bilim beripdir. Fortepiano we wiolençeli saz gurallarynda çalmagy başarmak, at çapmak, gylyçlaşmak we tans etmek hem okuw maksatnamasyna giripdir.
Ejesiniň tagallasy bilen Iogann ertekileriň üsti bilen edebiýat dünýäsine aralaşýar. 1765-nji ýylda Iogann hukuk işini öwrenmek üçin Leýpsig uniwersitetine ugraýar. Şol wagt Leýpsig ösen şäher bolupdyr hem-de «Kiçi Pariž» diýlip atlandyrylypdyr. Biraz soňra, Gýote Frankfurtda aklawçy işi bilen meşgullanýar, ýöne ol özi üçin publisistik işlerini möhüm hasaplaýar.
Gýoteniň irki şygryýeti anakreontik lirika däplerinde (liranyň owazy astynda ýerine ýetirilýän žanr) ýazylypdyr. Žanr gadymy grek lirikaçysy Anakreontyň ady boýunça atlandyrylypdyr. Mazmunynyň we görnüşiniň ýeňilligi, şygyrlaryň owazlylygy meşhurlyk getiripdir hem-de giň okyjylar köpçüligini döredipdir.
Şahyryň goşgularynyň ilkinji ýygyndysy 1769-njy ýylda çapdan çykdy. Gýote öz döwrüniň temasyna ýüzlenip, «Klawigo», «Stella», «Graždanin general» ýaly pýesalary ýazýar. «Wilgelm Meýsteriň okuw ýyllary», «Wilgelm Meýsteriň gezelenç eden ýyllary» atly romanlary Gýoteniň döredijilik dünýäsiniň bezegine öwrülýär. Ýöne, Gýoteniň döreden has meşhur eseri onuň «Faust» tragediýasy bolup durýar. Onuň üstünde ol bütin ömrüniň dowamynda işledi.
Gýote balladalary hem ýazypdyr. Şolarda söýgi gatnaşyklaryna degip geçipdir hem-de tankytçylaryň tassyklamagyna görä, «dünýäniň gurluşynyň syrlaryna düşünmäge, düýpsizlige göz ýetirmäge» ymtylypdyr.
Edebi işleri bilen bir hatarda, Gýote tebigy ylymlara degişli meseleler bilen meşgullanypdyr, birnäçe: ösümlikleriň we haýwanlaryň deňeşdirme morfologiýasy, fizika (optika we akustika), mineralogiýa, geologiýa hem-de meteorologiýa boýunça işleri neşir etdiripdir.
1832-nji ýylyň mart aýynyň başynda Gýote açyk paýtunyň üstünde gezelenç edip ýören wagty sowuklapdyr: ýokarky dem alyş ýollarynyň katary, çen bilen, infarkt we öýkenleriniň umumy gowşamagy 1832-nji ýylyň 22-nji martynda onuň aradan çykmagyna getiripdir.
Gýote Hormat legionynyň uly haç ordeniniň kawaleridir. Merkuridäki krater hem-de gýotit mineraly şahyryň hormatyna atlandyryldy.