Howa dahylly gün tertibiniň täze taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen ýurtda durmuşa geçirýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» taslamasynyň Ýaşyl howa gaznasy üçin täzelenen baş ýörelgeleri görkezildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň (Döwlet weterinariýa gullugynyň), Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Çärä BMGÖM-iň halkara geňeşçileri Nikolaý Denisow we Wiktor Nowikow dagy-da goşuldy.
Ýygnananlara «Hemmeler üçin howa hyzmatlary» taslamasynyň düşünjesiniň soňky nusgasy, şeýle hem ekologik ulgamlar we tebigy gurşawy we biodürlüligi uýgunlaşdyrmak çäreleri baradaky düşünjäniň taslamasy hödürlendi. Taslamalaryň çäginde durmuşa geçirmek üçin meýilleşdirilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.