«Nazary mehanika» dersi boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Nazary mehanika» dersi boýunça IV Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirer.
Oňa gatnaşmaga ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hünärine we näçinji ýyllykda okaýandygyna bagly bolmazdan isleg bildirýän talyplaryň ählisi çagyrylýar. Olimpiada şu ýylyň 10-15-nji marty aralygynda şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Gatnaşjaklary hasaba almak üçin institutyň saýty 5-nji marta çenli açykdyr.
Her ýokary okuw mekdepden şahsy tapgyra 10-dan köp bolmadyk talyplar, toparlaýyn bäsleşiklere – düzümi 5 talyba çenli bolan 1 ýa-da 2 topar gatnaşyp biler. Şeýle hem toparlar birnäçe ýokary okuw mekdepleriň talyplaryndan düzülen ýygyndy toparlar hem bolup biler.
Şahsy we toparlaýyn olimpiadalaryň ýumuşlary olimpiadanyň geçiriljek güni institutyň ýokarda görkezilen salgydaky saýtynda ýerleşdiriler.
Şahsy görnüşdäki bäsleşige gatnaşyjylar üçin nazary mehanikanyň bölümleri boýunça 8 ýumuş taýýarlanyldy. Statika we kinematika bölümleriň hersi boýunça iki ýumuş we ýene-de 4-si dinamika bölümine degişlidir. Ýumuşlary çözmäge 240 minut berilýär.
Toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylar 60 minutda nazary mehanikanyň ýokarda görkezilen bölümleri boýunça ýumuşlaryň 5-sini çözmeli bolarlar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça has köp utuk toplan talyplar olimpiadanyň ýeňijileri diýlip yglan ediler.
Halkara olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler. Bäsleşige zehinli talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň, şeýle hem Russiýanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, BAE-niň, Germaniýanyň, Malaýziýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Goşmaça maglumatlar +800 522 5-75-02; +993 64 681023 telefon belgileri we tdei@tdei.edu.tm, energetikatdei@gmail.com elektron salgy boýunça elýeterlidir.
Olimpiada dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de talyplaryň özara bilim alyşmaklary, ýokary okuw mekdepleriň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ylmy maslahatlaşmalary guramak, önümçilik hem-de ylmy-barlag işlerinde ýüze çykýan ylmy-amaly meseleleri seljermäge we çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.
Talyplaryň ylmy işlere, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nazary wezipeleri çözmäge gyzyklanmalaryny ösdürmek we olara itergi bermek, zehinli ýaşlary goldamak we höweslendirmek, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň özara gatnaşyklaryny berkitmek çäräniň wezipelerine girýär.