Tähranda TRACEKA-nyň hökümetara komissiýasynyň sekretariatynyň mejlisi boldy

img
img
img
img

Ýakynda TRACECA-nyň hökümetara komissiýasynyň sekretariatynyň Tähranda bolup geçen mejlisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Mejlisde guramanyň işi bilen baglanyşykly gündelik meselelere garaldy. Şol ýerde-de guramanyň we Hemişelik sekretariatyň işine gatnaşýanlaryň ählisiniň 2023-2024-nji ýyllarda alyp baran işi barada hasabatlar diňlendi, olaryň netijeleri jemlendi, şeýle hem 2025-2026-njy ýyllar üçin Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara geçelgesini ösdürmäge gönükdirilen meseleler we meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Latwiýa Respublikasyny TRACEKA-nyň hökümetara toparyna synçy hökmünde kabul etmek kararyna gelindi.