Aşgabat elektron söwda pudagynda tejribe alyşma meýdançasy boldy

img
img
img
img
img
img

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasynyň çäginde «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen öňdebaryjy bilermenler elektron söwdany we ykdysadyýeti ösdürmek boýunça tejribeleri barada gürrüň berdiler, şeýle hem söwda itergi bermekde we maýa goýumlaryny çekmekde halkara ülňüleriň esasy ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew öz çykyşynda ýurdumyzyň söwda we maýa goýum syýasatynda ýokary hil derejesiniň üpjün we halkara ülňüleriniň berjaý edilmeginiň möhümdigini aýtdy. Bu mowzuk bütindünýä dinamiki söwda akymlary we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna tarap ösüşi nukdaýnazaryndan has möhümdir.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew ýurdumyzyň milli kanunçylygyny we söwda amallaryny BSG-niň talaplaryna laýyklaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny jikme-jik beýan etmek bilen, söwdany döwrebaplaşdyrmak we eksport-import amallaryny sanlylaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (ÝUNCTAD) bilen-de işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp geçdi.

Çagyrylan halkara bilermen, Londonyň «Goldsmiths» uniwersitetiniň ylmy işgäri, döredijilikli senagat babatynda hünärmen Martin Smit maslahata gatnaşanlara Angliýanyň döredijilik pudagynyň üstünlikli ösmegine halkara ülňüleriniň edýän täsiriniň derňewini hödürledi. Ol sowatly işlenip düzülen höweslendiriş çäreleriniň bu pudakda täze kärhanalaryň açylmagyna itergi berip biljekdigini belledi. Bilermen, şeýle hem, döredijilikli ykdysadyýetiň goşandyna obýektiw baha bermek üçin, maglumat ýygnamagyň we dykgat bilen seljermegiň möhüm ähmiýetini nygtamak bilen, muny intellektual eýeçiligiň häzirki zaman smartfonlarynda giňden ulanylmagy mysalynda görkezdi.

Şweýsariýanyň «e-traid» kompaniýasyny esaslandyryjysy we «eBay» ýerligi boýunça tanymal hünärmen Fabian Stahelin häzirki zaman ykdysadyýetinde halkara ülňüleriniň ähmiýeti baradaky çekişmäni dowam etdirip, ünsi elektron söwdanyň çalt ösýän ugruna jemledi. Ol ýaş telekeçilere ýüzlenip, olaryň uly mümkinçiliklerine ynam bildirdi we elektron söwdanyň ähli ululykdaky kompaniýalaryň, esasanam, kiçi kärhanalaryň ösmegi üçin barha artýan ähmiýetini nygtady.

Fabian Stahelin sanly ulgam arkaly haly satmakda ýöriteleşen türkmen «Hemdem» kompaniýasy üstünlikli tejribesiniň mysalynda «Payoneer» halkara töleg ulgamynda asyl barlagynyň netijeliligini görkezdi.

Baş edarasy Nýu-York şäherinde ýerleşen «MasterCard»-yň hasaba alnan üpjün edijisi bolan «Payoneer», elektron pul geçiriş hyzmatlaryny hödürleýär. «Hemdem» türkmen nyşanly haly önümleriniň, şol sanda elde dokalan del nusgalaryň hem «eBay» bütindünýä sanly ulgamynda üstünlik bilen görkezilýändigi bellemek gerek. Häzirki wagta çenli bu kompaniýa, aglabasy ABŞ-ly müşderiler bolan alyjylara esli mukdarda haly satdy.

Bilermen kiçi telekeçilere sanly bazarlaryndaky ornuny berkitmekde giňişleýin kömek berýän «e-traid» kompaniýasynyň elektron söwdasynyň gymmatly tejribesi barada gürrüň berdi. Ol, aýratynam, üstünlikli elektron söwdanyň esasyny halkara ülňülerine eýermegiň we sarp edijileri goraýan berk kanunlary gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň düzýändigini belläp geçdi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ol gaplamany dogry kepillendirmegiň we alyjynyň islegine laýyk gelmeýän halatynda harytlary yzyna gaýtarmak üçin aç-açan şertleri üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.

– Elektron söwdada üstünlik gazanmagyň açary şek-şübhesiz ynamdyr – diýip, Fabian Stahelin sözüni jemledi.

Halkara ülňüleriň işe girizilmegi türkmen önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlik etme ukybyny artdyrmak üçin strategik ähmiýete eýedir. Harytlaryň we hyzmatlaryň hiline bolan bitewi talaplar, şeýle hem işi aç-açan alyp barma ýörelgeleri halkara hyzmatdaşlaryň we ahyrky sarp edijileriň ynamyny artdyrýar. Bu bolsa eksporty giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we umumy kabul edilen halkara ülňülerine laýyklykda, içerki telekeçiligiň durnukly ösüşi üçin täze gözýetimleri açýar.

Maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler durnukly ykdysady ösüşiň geljegine we Türkmenistanyň barha ösýän dünýä ykdysadyýetine üstünlikli goşulyşmagyna gönüden-göni täsir edýär.