Balkan welaýatynda täze gaz-himiýa toplumy dörär

photo

Tutuş ýurtda bolşy ýaly, Türkmenistanyň günbatar sebitinde-de uly özgerişler bolup geçýär. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde, şol sanda çalt senagatlaşmagynda-da ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bu ugurda ädilen täze ädimdir. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda belläp geçişi ýaly, häzirki wagtda ýapon şereketleriniň gatnaşmagynda jemi gymmaty 11 milliard ABŞ dollaryndan-da ýokary bolan 44 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Şeýle hem, bahalary takmynan 256 million ýewro we 190 milliard töweregi iýen bolan taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet baştutanymyz, iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda uzak möhletleýin üstünlikli alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, dostlukly ýurduň telekeçilerine minnetdarlyk bildirdi.

Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalarynyň işe girizilendigini bellemelidiris. Bularyň arasynda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasy bar.

Biziň ýurdumyz dürli pudaklarda, şol sanda dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri senagat desgalarynyň gurluşygynda-da ýöriteleşýän öňdebaryjy daşary ýurt şereketleri bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklar üçin elmydama açykdyr. Iň oňat dünýä tejribesini we ösen tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwesifikasiýalaşdyrmak uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler açýar.