Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde medeni çäreler guraldy

img
img
img
img
img
img
img
img

Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Hytaýda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti uly üstünlik bilen geçirildi.

Çykyşlaryň dowamynda hytaýly tomaşaçylar milli lybaslar, türkmen halkynyň toý dabaralary we dostlukly, parahatçylygy söýýän ýurduň meşhur watançylyk hem liriki aýdymlary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew «Ene» atly aýdymyny hytaý dilinde ussatlarça ýerine ýetirdi. Aýdym ýaňlanýan pursatda görkezilen wideoşekilde enäniň elinde Ýer şarynyň şekillendirilmegi tomaşaçylarda üýtgeşik täsir döretdi. Türkmen aýdymçysynyň çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.

Halk saz gurallary – dutarda we doýrada ýaryş guran iki sazanda Myrat Aşyrowyň we Sarwar Sabirowyň çykyşy uly üstünlik gazandy. Çykyş wagty «Şükür bagşy» atly filminden parçalar görkezildi.

... Ilki bilen arakesme boldy, soňra hytaý sazy tüýdükde ýerine ýetirilmeginde mylaýym ýaňlanyp başlady, soň saksafonyň agras sazy ony dowam etdi we bu saz gyjagyň mymyk owazy bilen jemlendi. Bu çykyşy Kakajan Hudaýberdiýew taýýarlady.

Konsert ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda möhüm orun eýelän «Küştdepdi» milli tansy bilen tamamlandy. 

Konserte gatnaşyjylaryň hemmesi tomaşaçylara hoşallyk bildirmek üçin sahna çykdy, olaryň arasynda aýdymçy Aky Ýagşygeldiýewa, Munisa Hudaýbergenowa, Gurbangylyç Nurgylyjow we beýlekiler bardy.

Türkmen sazandalarynyň we artistleriniň çykyşlaryndan soň Türkmenistan bilen Hytaý biri-birine has ýakynlaşdy.