Frankfurtda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-maliýe hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt-na-Mayn şäherindäki) konsuly M. Özbekbaýew bilen «AKA Bank» bankynyň GDA ýurtlarynda we Gündogar Ýewropada eksport maliýeleşdirme bölüminiň direktory Ýelena Sidorskaýa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bu bank bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar «AKA Bank» bilen türkmen banklarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine, germaniýaly öndürijileriniň önümlerini Türkmenistana eksport etmek boýunça maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak maksady bilen, german kompaniýalary bilen bilelikdäki taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz liniýasyny döretmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. 

Şeýle-de taraplar degişli maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik duşuşyklaryny we forumlaryny geçirmegiň, özara saparlary guramagyň maksadalaýykdygyny bellediler.