Germaniýanyň Reýnland-Pfals federal ýerinde geçirilen duşuşyklar
2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda, Germaniýanyň Reýnland-Pfals federal ýeriniň paýtagty Mainz şäherinde, şol federal ýeriniň hökümetiniň adyndan Ykdysadyýet, ulag, oba-hojalyk we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt am Main) konsuly jenap Myrat Özbekbaýewi kabul etdi.
Türkmen-germaniýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşmagyň barşynda, sebitleýin haryt we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Reýnland-Pfals ýeriniň arasynda yzygiderli gyzyklanma bildirilen ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet, oba-hojalyk, innowasion tehnologiýalar, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, german tarapyna Türkmenistanyň söwda we ykdysady potensialy barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle hem, taraplar geljekde iki ýurduň arasyndaky saparlary guramak we bilelikde işewürlik çärelerini geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäginde konsul şeýle-de Reýn-Hessen sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Markus Walden we bu edaranyň baş dolandyryjy direktory Karina Şwede bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Reýnland-Pfals söwda-senagat edaralarynyň, hem-de iki tarapyň işewürlik toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle-de, bu federal ýeriniň Söwda-senagat edarasynyň we kompaniýalarynyň Türkmenistanda geçirilýän ykdysady çärelere gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde energetika, himiýa senagaty, oba-hojalyk, inženerçilik, ýokary tehnologiýalar, derman senagaty we biotehnologiýa kesgitlendi.
Takmynan 42 müň agzasy bolan Reýnn-Hessen Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň işewürlik jemgyýeti bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirdi.