Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen elektrik energiýasyny üpjün etmekde we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýardyr
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen elektrik energiýasyny üpjün etmek babatynda bähbitleriň ylalaşylmagyna we innowasiýa ulgamynda anyk hyzmatdaşlyga açykdyr. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» atly ikinji sammitde aýdyp geçdi.
– Energetika hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtaýarys. Şunda elektroenergetika aýratyn üns berýäris. Döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, bu babatda goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip edýäris. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyrys. Biziň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribelerimiziň we ylmy-tehniki gazananlarymyzyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow innowasiýa ulgamynda hem anyk hyzmatdaşlygy çaltlaşdyrmaga aýratyn üns berdi.
– Innowasion ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Munuň özi içerki ösüş we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Russiýanyň tehnologiýalar we innowasiýalar babatda giň halkara kooperasiýa gönükdirilen strategik ugruna ýokary baha berýäris. Biziň formatymyzda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys. Häzirki wagtda innowasion ösüş Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup çykyş edýär. Özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, «akylly» şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlarymyzyň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýäris – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.