«Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy Maslahaty» we 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boýunça maslahat we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli medeni agşamy geçirildi

photo

2016-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Konsulluk tarapyndan Ýurdymyzda geçiriljek «Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy Maslahaty» we 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boýunça maslahat we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli medeni agşamy geçirildi.

Maslahata we medeni agşamyna GFR-nyň dürli künjeklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, türkmen talyplary, «Türkmen Kultur Ojagy» medeni guramasynyň agzalary hem-de GFR-nyň Hessen ýeriniň Hökümediniň wekilleri gatnaşdylar.

  Çäräniň birinji ýarymynda Ýurdymyzda geçiriljek «Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy Maslahaty» we 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada maslahatlaşma boldy. Çykyş edenler, Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly 70/197 belgili Kararnamasynda öz beýanyny tapandygyny hem-de bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 85-si awtordaş bolup çykyş edendigi bellediler.

Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan geçirilýän we Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty 2016-njy ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky çözgüt ulag ulgamynda edilýän tagallalary birleşdirmekde esasy ädim bolmagyna garaşylýandygyny we bu Maslahat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendigi aýdyldy.

Mundan başga-da, 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” iki taraplaýyn şertnama gol çekilendigi hem-de bu oýunlarda sportuň jemi 21 görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy we oýunlaryň ähmiýeti baradaky maglumatlar gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirildi. Maslahatyň barşynda gatnaşan Türkmenistanyň raýatlaryny Döwletimiziň gündelik durmuşynda bolup geçýän möhüm halkara çärelerini wagyz etmäge işjeň gatnaşmaga çagyryldy.                                                                                                                                        

Çäräniň ikinji ýarymynda medeni agşamy geçirildi. Bu agşamyň çäginde Türkmenistanyň raýatlarynyň, türkmen talyplarynyň, «Türkmen Kultur Ojagy» medeni guramasynyň agzalarynyň arasynda dürli medeni bäsleşikler guraldy hem-de olara türkmen halkynyň myhman söýerligini görkezmek maksady bilen Konsulluk tarapyndan milli tagamlarymyz hödür-kerem edildi.