Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow TDH-a interwýu berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler minstri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan soň TDH-nyň habarçysyna interwýu berdi:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen söhbetdeşligiň barşynda men Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putiniň mähirli salamyny, Türkmenistanyň Baştutanynyň ägirt uly möçberli işinde üstünlikler baradaky iň oňat arzuwlaryny ýetirdim we Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejede, şol sanda Russiýanyň Lideriniň bir ýyldan biraz gowrak mundan öň Aşgabada bolan saparynda gazanylan ylalaşyklaryň ählisine berk eýerýändigini tassykladym.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda güýje giren şertnama dürli ugurlarda – ykdysady ulgamdan bilim ulgamyna çenli, sebitde howpsuzlyk meseleri baradaky gatnaşyklardan, elbetde, aýratyn orun eýeleýän Hazar meselesine çenli biziň ähli meýilnamalarymyzyň we işlerimiziň binýady bolmaga gönükdirilendir. Şu meselä Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň aýratyn üns berendigini bellemek gerek. 2002-nji ýylda hut Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Liderleriniň derejesinde gepleşikler başlanyp, ol geçen ýyl Hazaryň halkara-hukuk derejesi barada Konwensiýasa gol çekilmegi bilen tamamlandy, şonuň bilen birlikde resminamalaryň ikisi kabul edildi. Men Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklary göz öňünde tutýaryn.

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistan taryhda ilkinji gezek Hazar ykdysady forumyny geçirer hem-de Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky, altynjy sammiti şu ýerde, Türkmenistanda geçiriler. Umuman, biziň mundan beýläkki hyzmatdaşlyga, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga örän oňat meýilnamalarymyz bar.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti biziň bilim ulgamyndaky özara hereketimizi doly goldaýandygyny nygtady. Türkmenistanyň raýatlarynyň 30 müňüsi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň köpüsinde rus diliniň öwredilýänligi bellenildi. A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus umumy orta bilim mekdebi bolsa, ýokary derejeli hünärmenleriň bellemegine görä, sebitde iň güýçli mekdepdir.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýyly bolan şu ýyl ynsanperwer-medeni mesele ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar., GDA we Hazarýaka döwletleriniň bäşliginiň çäklerindäki hyzmatdaşlyga bagyşlanan meýilnamalarymyz kändir, çärelerem köpdür.

Ýakyn geljekde, has ýakyn döwürde bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine umyt bildirýärin.

Bu meýilnamalaryň ählisini Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri goldadylar, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri ylalaşyklaryň ählisiniň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine doly ýerine ýetirilmegi üçin muňa gatnaşýan edaralaryň işini utgaşdyrarlar.

Bilekdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň ýolbaşçylary nebit-gaz ulgamynda ikitaraplaýyn özara herekete gözegçilik ederler. Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligiň barşynda rus-türkmen gatnaşyklarynda gaz meselesiniň çözülşine kanagatlanma bildirdi. Häzirki wagtda olara täze, uzak möhlete niýetlenen ylalaşyklary gözlemek nukdaý-nazaryndan garalýar.