Türkmenistanyň Suw diplomatiýasy: deňlik we umumy bähbitlilik ýörelgelerinde

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda gepleşikleri we iş maslahatlaryny geçirmek maksady bilen, Ýaponiýa ugraýan türkmen wekiliýetiniň agzalaryna birnäçe möhüm tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeler berildi, hususan-da, ýapon hyzmatdaşlary bilen suwdan peýdalanmagyň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna, oba hojalygynda özgertmeleri öňe ilerletmek maksady bilen, meliorasiýanyň häzirki zaman usullary babatda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň tejribesini öwrenip, ýurdumyzyň gündogar sebitinde döredilen «Garaşsyzlyk» suw howdanynyň doldurylyşyny ýokarlandyrmak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan çäreler boýunça ýapon hünärmenleri bilen pikir alyşmak barada görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly garamakdan, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Balkan welaýatyna bolan iş sapary munuň aýdyň mysaly bolup biler. Şol saparyň barşynda milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrebap nusgadaky obany gurmak, maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, suw syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol syýasat oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasyna daýanýar. Suw hojalyk meselelerini toplumlaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek milli Liderimiziň suw strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr, arassa içimlik suwuň elýeterli bolmagynyň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr diýen ýörelgä yzygiderli eýerýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni baglydygyny nygtady.

Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, yzygiderli çykyş etmek bilen biziň sebitimizdäki suw-energetika meseleleriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biriniň bähbitlerini nazara alyp hem-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe aýdýar.

Merkezi Aziýa sebitinde suw meseleleri babatda dartgynlylygy peseltmegiň, düşünişmezlikleri diplomatik gepleşikler arkaly düzgünleşdirmegiň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň esasynda anyk çäreleri geçirmegiň zerurlygy halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir, bu bolsa ähli ýurtlar üçin durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw diplomatiýasyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi hem-de oňa köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garaýar. Döwlet Baştutanymyz Suw diplomatiýasynyň ulgamlaýyn gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtaýar. Şol gatnaşyklar suw serişdeleriniň gözbaşlaryny döretmek we gaýtadan dikeltmek, olary oýlanyşykly we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly ähli meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Ine, Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşynda Suw diplomatiýasynyň netijeli hereket etmegi üçin şertleri döretmegiň zerurdygy barada başlangyjy öňe sürdi. Şol başlangyç täze köptaraply syýasy-diplomatik gatnaşyklary kemala getirmek üçin ygtybarly gural bolup hyzmat eder. Şonda hut şunuň ýaly syýasy-diplomatik guralyň Birleşen Milletler Guramasynyň suw gatnaşyklaryna degişli resminamalary işläp taýýarlamak boýunça işinde ygtybarly esas boljakdygy bellenildi.

Bu ýokary derejeli forumda milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyç hem-de suwdan peýdalanmagyň umumy ykrar edilen hukuklaryny berjaý etmegi üpjün etmek boýunça ähli ýurtlaryň borçnamalary hakynda teklipler bilen çykyş etdi.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak hakynda konwensiýany, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda konwensiýasyny hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz syýasatynda hemmeler üçin elýeterlilik, suwdan oýlanyşykly peýdalanmak we sanitariýany üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleriň çözülmegine uly üns berýär. Ýene bir gezek gaýtalap aýtsak, Türkmenistan suwuň tutuş dünýäniň umumy baýlygy bolup durýandygy, arassa agyz suwuna elýeterlilik bolsa her bir adamyň esasy hukugy bolup durýandygy hakynda ýörelgä üýtgewsiz eýerýär.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda halkara bileleşik hem-de sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Aral deňzini halas etmek boýunça meseleleriň toplumyny görkezdi. Araly halas etmek meselesine eýýäm öňden bäri içerki mesele däl-de, eýsem, sebit meselesi hökmünde garamagyň möhümdigi aýdyň boldy. Ony üstünlikli çözmek üçin häzir eýýäm dünýä bileleşiginiň kömegi, toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň yzygiderli gatnaşmagy zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlaryna BMG-niň Aral deňzi boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini dünýä bileleşiginiň işiniň aýratyn ugruna öwürmek çagyryşy bilen ýüzlendi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde kabul eden degişli Karary munuň üçin esas boldy.

Türkmenistan 2012-nji ýylda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň «Serhetüsti suwlaryny we halkara köllerini peýdalanmak we goramak hakynda» konwensiýasyna goşuldy. Bu resminama 1992-nji ýylyň 17-nji martynda Helsinki şäherinde gol çekildi we 1996-njy ýylda kabul edildi. Konwensiýada serhetüsti suwlar ulanylanda, serhetüsti aýratynlyklaryny nazara almak bilen, suwdan oýlanyşykly we adalatly peýdalanmagyň ekologiýa taýdan esaslandyrylan usulyny üpjün etmek bellenildi.

Howanyň üýtgemegi hem-de onuň dünýäniň daşky gurşawyna, ykdysadyýetine we ilatyna ýaramaz täsiri halkara bileleşigiň öňünde durýan aýratyn ähmiýetli meseleleriň ýene-de birine öwrüldi. Howanyň üýtgemeginiň suw gorlaryna ýaramaz täsiri (temperaturanyň ýokarlanmagy, ygallaryň azalmagy, gurak ýyllaryň gaýtalanmagy we beýlekiler) Merkezi Aziýa sebitinde suw üpjünçiliginiň ýiti meselelerini döredýär.

Sebitimiziň serhetüsti derýalaryň ugrunda ýaşaýan halklary asyrlaryň dowamynda olaryň suwlaryny ylalaşykly ulanyp geldiler. Emma soňky ýyllarda käbir döwletleriň çäklerinde suw serişdeleriniň ölçegsiz ulanylmagy oba hojalyk hajatlary üçin suwuň zerur bolýan ýaz — tomus döwründe onuň ep-esli azalmagyna getirýär.

Galyberse-de, şonuň bilen bir hatarda, Amyderýanyň ugrunda ýerleşen döwletleriň ilatyny, önümçilik we obasenagat desgalaryny suw bilen üpjün etmekde kynçylyklar ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan şu we beýleki möhüm meselelerde anyk ugra eýerip geldi, oňa laýyklykda, suw-energetika meseleleri çözülende halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna daýanmak, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak hem-de abraýly halkara guramalaryny, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny işjeň gatnaşmaga çekmek zerur bolup durýar.