Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty

Şu gün irden paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady.

Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan maslahat Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekillerini we bilermenlerini, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň 44 ýurdundan wekilleri ýygnady, olaryň hatarynda saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, görnükli alym-lukmanlar bar. Türkmen tarapyndan forumyň işine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki birnäçe edaralaryň, saglygy goraýyş we ylmy merkezleriň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Aşgabatda wekilçilikli forumyň geçirilmegi halkara giňişlik Türkmenistanyň abraýynyň belentdigine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Şeýle hem bu maslahat saglygy goraýyş ulgamynda Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň uly üns berýändiginiň, ileri tutulýan ugurda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine milli Liderimiziň uly goşandynyň ykrar edilmeginiň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň esasy wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ýokanç däl keseller temasy boýunça 2013-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Birinji Ýewropa maslahatyndan soň geçirilen çäreleriň netijeliligini seljermek bolup durýar.

Ýokanç däl kesellere garşy göreşmek babatda halkara we milli derejede borçnamalary berkiden Jarnamanyň kabul edilmegi şol maslahatyň netijesi boldy.

Bu gezek maslahata gatnaşyjylar pudagara çäreleri amala aşyrmak arkaly ählumumy we sebit borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ýol kartasyny kabul ederler. Gün tertibinde çilim çekmek we alkogolly içgileri içmek, semremek, sagdyn däl iýmitlenme, az hereket etmek, gipertenziýa we diabet ýaly meseleleri çözmek wezipesi durýar.

Maslahatyň işi ýokary derejeli umumy mejlis bilen açylyp, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag haty okaldy. Ýygnananlar ony uly üns bilen diňlediler hem-de el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Döwletimiz halkara durmuşa işjeň gatnaşmak bilen, adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmäge dünýä derejesinde mynasyp goşandyny goşup, häzirki we geljekki nesiller üçin ähmiýeti uly bolan möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Milli Liderimiziň Gutlagynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine syn berlip, onuň esasy döwürlerini hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýan esasy ugurlaryny kesgitlenildi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary hilli lukmançylyk kömegini has ýokary derejä çykarmaga, innowasion tehnologiýalaryň esasynda hyzmatlaryň görnüşini giňeltmäge, şol sanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek babatda hyzmatlary artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda hereket edýän strategiýalar we maksatnamalar töwekgelçilikli ýagdaýlaryň ýaýramagyny azaltmaga gönükdirilendir.

Olar — Temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2017 —2021-nji ýyllar üçin Meýilnamasy; Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy; 2011 — 2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Milli maksatnamasy; 2018 — 2025-nji ýyllarda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça Milli strategiýa; Ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça Milli maksatnama ýaly strategiýalardyr.

Mejlisde çykyş eden bilermenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan çilim çekilmegine garşy göreşmekde öňdebaryjy ýurt hökmünde ykrar edildi. Şeýlelikde, soňky bäş ýylyň içinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gören çäreleriniň netijesinde, ilatyň arasynda çilim çekilmegi 2,5 esse azaldy. Şeýle hem alkogolly içgileriň içilmeginiň derejesi boýunça oňyn ösüş göze ilýär — bu ýagdaý 2013-nji ýyldan bäri iki esse peseldi.

Şunda BSGG-niň geçiren barlagyna laýyklykda, bir günde gök önümleriň we miweleriň azyndan bäşisini iýmek boýunça BSGG-niň maslahatlaryny berjaý edýän ilatyň sany 2018-nji ýylda 57,1 göterimden 72,3 göterime çenli köpeldi. Duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrmak ýaly iri möçberli döwlet derejesindäki öňüni alyş çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistany ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşan uly goşandy üçin degişli güwänama bilen sylaglaýandygy habar berildi, ol saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine gowşuryldy.

Soňra maslahat 2018-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahatynda ýurtlaryň kabul eden syýasy borçnamalaryna bagyşlanan mejlis bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnananlara BSGG-niň Baş direktory doktor Tedros Adhanom Gebreýesusyň wideohabary alnyp görkezildi, şondan soň BMG-niň wekilleri, käbir ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy çykyş etdiler.

Forumyň barşynda «Ýurt derejesinde borçnamalary ýerine ýetirmek üçin özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini öwrenmek» diýen tema bagyşlanan mejlis geçirildi, onda ýokanç däl keseller boýunça psihiki saglyk, ekologiýa we gender çemeleşmeleri, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselelerini gün tertibine goşmak üçin strategiýalara seredildi.

Maslahatyň çäklerinde ugurdaş mejlisleriň üçüsi: psihiki bozulmalaryň we beýleki ýokanç däl keselleriň öňüni almak, bejermek hem-de gözegçilik etmek çärelerini saglygy goraýyş ulgamyna birleşdirmek, ýürek-damar we süýji keselleri babatda maksatlaýyn görkezijileri gazanmak, duzy, süýjini we ýagy aşa köp ulanmak ýaly sagdyn däl iýmitlenmek bilen bagly töwekgelçilikli ýagdaýlary azaltmak meselelerine bagyşlandy.

Ýokary derejeli maslahatyň birinji güni tamamlanandan soň, metbugat duşuşygy geçirildi, onuň barşynda türkmen saglygy goraýyş ulgamyny öňdäki orunlara çykarmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işleri barada aýdyldy, şol işler, öz nobatynda, dünýä lukmançylygyny ösdürmekde oňyn netijesini görkezdi. Şeýle hem şu gün BSGG-niň esasy bilermenleriniň gatnaşmagynda «tegelek stol» görnüşinde duşuşyk geçirilip, ol Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegine bagyşlandy.

Ertir maslahat öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar BMG-niň edaralaryny we döwlete degişli däl subýektleri, ýurt derejesinde netijeleri gazanmak üçin sebitara we multisektoral gatnaşyklary, keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçilik, monitoring hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde innowasiýalary peýdalanmak ýaly meseleleri öz içine alýan hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we gurallaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem tematiki mejlisler, şol sanda 2025 — 2030-njy ýyllara çenli alkogolly içgileri, temmäkileri sarp etmek, dermanlyk serişdelere elýeterliligi üpjün etmek bilen bagly bolan ýokanç däl keseller hem-de durnukly ösüş maksatlary babatda görkezijileri gazanmak boýunça mejlisler geçiriler.

Bu maslahat gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça tejribe alyşmak hem-de ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamak üçin uly ähmiýete eýe bolar, munuň özi adamlaryň saglygyny goramak we gowulandyrmak üçin täze mümkinçilikleriň döremegine ýardam eder. Häzir dünýä ýüzünde saglyk düşünjesi globallaşma ýagdaýy bilen gurşalyp, diňe milli däl-de, eýsem, umumadamzat ösüşiniň ugurlaryny — durmuş-ykdysady, ekologiýa, medeni we ruhy ugurlary öz içine alýan göwrümli syýasy topara öwrülýär.

Hut şeýle çemeleşme hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş babatda alyp barýan syýasatynyň esasynda hem durýar. Onuň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadançylygy, adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak, ukyp-başarnygyny amala aşyrmak hem-de uzak we sagdyn ýaşamagy bolup durýar.

Daşary ýurtly myhmanlara — maslahata gatnaşyjylara Aşgabatda bolýan wagty paýtagtymyzyň gözel ýerleri, türkmen halkynyň medeniýeti, mirasy we däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.