SOŇKY HABARLAR
Nýu-Ýorkda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň temasy “COVID-19 pandemiýasyndan soňky hereketler boýunça Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň depginini ösdürmek” boldy. Duşuşygy açmak bilen, B...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu Ýork şäherinde «C5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we wekilleri duşuşyk geçirdiler we onda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de “C5+1” diplomatik platformasynyň çäginde gatnaşyklary dowam etmekligi ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtal...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezident...
Türkmenistanyň DIM-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, husu...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministrini kabul etdi
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnet...
BMG-niň ştab-kwartirasynda “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çäre geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Çäre Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnaldy. Çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy...