SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinç...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. A.Teksler Tü...
Türkmenistanyň DIM-nde Montana ştatynyň General adýutanty bilen harby meseleler boýunça duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek hem-de ýok etmek, kiber goragy we kiber howpsuzlyk, inženerçilik we gurluşyk...
Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň we ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň gowşurylyş çäresi geçirildi
Şu gün, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gol çeken ynsanperwer Permanyna we Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çärä ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,...
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maglumat
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisiniň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň häzirki wezipeleri barada hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we me...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitläris. Içeri we d...
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Ir bilen döwlet Başt...