SOŇKY HABARLAR
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar
2026-njy ýylyň 26-njy martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi. Ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemlän bu duşuşyk Prezident Serdar Berdimuha...
Türkmenistan wekiliýetiniň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşmagy we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Forumyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçysy ýokary derejeli ministrler dialogynda çykyş edip, irki çagalyk biliminiň Türkmenistanda adam kapitalyny kemala getirmegiň we jemgyýetiň durn...
Pekinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-iň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar iki ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky parasatly syýasat we şahsy ynanyşmaga daýanýan...
Türkmenistan «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýanyň paýtagtynda geçiriljek «EKSPO – 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky teklibi makullady. Türkmenistan öz pawilýonyny «Türkmenistan – parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen manyly şygar astynda görkezer. Bu konsepsiýasy Belgraddaky serginiň «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen umumy mowzugy...
Köýtendagyň täsinlikleri: Gaýnarbaba çeşmesi
Köýtendag diýlende ýurdumyzyň özüniň gaýtalap bolmajak gözelligi, täsinlikleri bilen göreni haýran galdyrýan künjegi göz öňüňde janlanýar. Diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýän dinozawrlaryň aýak yzlary galan belent tekizlik, täsin dag gowaklary, Daraýdere, Tutly dere, Umbardere, Kyrkgyz ýaly dag dereleri, gözsüz balyklaryň ýaşaýan ýerasty köli, Arnap tokaýlygy, ýurdumyzyň iň belent dag nokady bolan Aýrybaba gerşi we beýlekiler tebigatyň bagyş eden tä...
IFT 2026: Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk döwlet derejesinde alnyp barylýar
IFT 2026: «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar hem-de döwlet derejesinde aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýum...
Londonda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lancaster Haus binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Dewid Lemmi giriş sözi bilen çykyş edip, Merkezi Aziýa bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de durnu...