RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek...

DOWAMY
18 Noý

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini tamamlady

2023-nji ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Toparyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitl...

DOWAMY
18 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi. Ministrler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çalt depginli we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Duşuşykda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, şu günler Aşgabatda...

DOWAMY
18 Noý

Aşgabatda türkmen-eýran işewürlik forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi. Forumyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mehrdad Bazrpaşyň belleýşi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyr...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabryndaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Birleşe...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn goňşusydyr we strategik hyzmatdaşy...

DOWAMY