SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikleri geçirdi
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Duşuşygyň barş...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyzlyk - bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi
2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu ýerde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy. Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýo...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda türkmen halky döwletimiziň baş baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Baýramçylyk güni Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow, ýurdumyzda işleýän diplomatik weki...
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda müňlerçe adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda pederlerimiziň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döw...
Daşary ýurt žurnallarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sanlary neşir edildi
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda türkmen döwleti öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar, şeýle hem garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan ýörite şekillendirilen neşirler çap edilýär. Şeýlelikde, baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» we «Istanbool Today», Awstriýa Respublikasynyň «Galkyn...