SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi
2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentlerini a...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentine ýazan haty gelip gowuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Döwlet Baştutanyny BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. "2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda gibrid görnüşinde Pekin şäherinde HHR-iň hökümeti “Durnukly ulag ulgamy, durnukly ösüş” atly Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyny guraýar. Maslahatyň açylyş dabarasy 14-nji...
Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň mejlisine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart...
Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşly...
Döwlet Baştutany «EKSPO-2020» bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar. Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmeni...
Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO-2020” bütindünýä sergisine gatnaşar
Şu gün, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO-2020 bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň milli pawilýonynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkme...
Lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň derwaýyslygy ara alnyp maslahatlaşyldy
?Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň barşynda ylmy intelligensiýanyň wekilleri, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri lukmançylygyň hem-de ylmy diplomatiýanyň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça işjeň pikirleri alyşdylar. Çykyş eden BSGG-niň bilermenleri häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyndaky diplomatiýanyň aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem-de bu ulgamyň aglaba ýurtlaryň daşary syýasatynyň aýryl...