SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ynsanperwerlik ugry ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dowam etdirilýär. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar ynsanperwerlik temasyny ara alyp maslhatlaşdylar. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen adam hukulary meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de bu ugurdaky açyk gepleşikleri goldaýar. Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň milli we medeni aýratynly...
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkm...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy geňeşmeler başlandy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly başlandy. Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrdy hem-de...
Türkmenistanyň DIM-de duşuşyk geçirildi
2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi. Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, Ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň dip...
Hemişelik bitaraplygyň ýubileýine bagyşlanan Halkara maslahatynyň netijesi - Aşgabat jemleýji resminamasy
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti" atly Halkara maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşylan bu ägirt uly waka, Türkmenis...
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esaslarynyň biri ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň çaklerinde «Bitaraplygyň ynsanperwerlik ölçegleri – durnukly ösüşe we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň «hiç bir adamy ýatdan çykarmazlyk» ýörelgesine goşant goşmak» atly plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy Ýa.Gurbannazarowa, Gyzyl h...
Free trade and the role of international organizations in promoting cooperation for sustainable development - in the focus of the plenary session
On December 12, 2020, a plenary session was held on the topic "Mutually beneficial economic cooperation, free trade and the role of international organizations in promoting cooperation for sustainable development" at the Turkmen State University named after Makhtumkuli, within the framework of the International Conference "Policy of Neutrality and its role in ensuring international peace, security and sustainable development". The meeting was attended by the heads and representatives of the t...