RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Sen

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň bi...

DOWAMY
pic
15 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýar

2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
11 Sen

2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, gor...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz hem-de ýapon Hökümetiniň Baştutany mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de taraplaryň ö...

DOWAMY
pic
8 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekil...

DOWAMY
pic
7 Sen

Türkmenistan bilen Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň...

DOWAMY