SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2020-nji ýylyň 7-nji oktýbrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik...
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar...
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanper...
DIM-de Türkmenistanyň soňky syýasy wakalaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi
2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda bolup geçen möhüm syýasy wakalara, hususan-da Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy kararlara, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mek...
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ö...
Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara...
Türkmen-german syýasy gepleşikler geçirildi
2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Gepleşik konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Taraplar iki döwletiň içeri syýasy ýagdaýlary boýunça pikir alyşdylar we ikit...