SOŇKY HABARLAR
Häzirki wagtda daşary ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin Maglumat
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...
Metbugat üçin habar
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...
AÖB-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Direktory bilen duşuşyk geçirildi
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslam...
Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetde...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklyk edijileriniň duşuşygy
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Şeýle-de, duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralar...
Aşgabatda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Koronariwus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» atly brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ý...