SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň başlygy, Daşary işler ministriniň orunbasary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar...
Aşgabatda türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derw...
BMG-niň we Türkmenistanyň pudak edaralarynyň wekilleriniň özarahereketleriň derwaýys meseleleri boýunça duşuşygy geçirildi
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş-ykdysady täsiri peseltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky Bilelikdäki Iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň biziň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşa...
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasyny düzmek babatda iş duşuşygy geçirildi
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasyny düzmek babatda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekil...
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk
Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sand...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi. Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR», «...
WECOOP “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi” taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylary bilen wideo konferensiýa
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda WECOOP “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi pudagyndaky hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylary bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Suw dolandyryş döwlet komitetiniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň...