SOŇKY HABARLAR
Sergileriň Halkara Býurosynyň Baş sekretary bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary jenap Dimitri Kerkenzes bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we EXPO - Dubaý halkara sergisiniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Onlaýn gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjyla...
Türkmenistanyň DIM-de BSG bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça nobatdaky mejlis geçirildi
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işler...
Wideo aragatnaşyk arkaly türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Ş...
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerindäki Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleriniň we beýl...
Türkmenistan BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmagyň ýolunda
2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynd...
Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Sammitine gatnaşdy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýe...
Türkmenistan we BMG işjeň gatnaşyklaryny dowam edýärler
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky...