SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisine gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisi öz işine başlady. 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bu sessiýa gatnaşdy. Onuň çäklerinde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň döwürleýin al...
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Gürrüňdeşligiň çäklerinde R. Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bişkek şäherinde ýylylyk elektrik bekedinde...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netije...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňe...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdyg...
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de, duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji...
Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaras...