SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bell...
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasat...
Ýerli çig maldan portland sement öndürilip başlandy
Türkmen himiýaçylary ýerli çig maly – demir oksidini ulanyp sulfatdurnukly (portland) sement almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Sementiň bu görnüşi tebigy ýagdaýlara, şeýle hem agressiw himiki maddalara durnuklydyr, şonuň üçinem gurluşykda tapylgysyzdyr. Adatça, ol suwasty we ýerasty massiwler betonlananda ulanylýar. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Balkan sement zawodynda eýýäm ýerli çig maldan sulfatdurnukly sement önümçiligi özleşdirildi. Onuň ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlary...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipr...
BÜTINDÜNÝA SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ŽENEWADAKY ŞTAB-KWARTIRASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞIŇ 144-NJI MEJLISINIŇ ÇARÇUWASYNDA MAGLUMAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çarçuwasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň ýolbaşçylygynda maglumat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ženewada akkreditirlenen Ilçiler we Hemişelik wekiller gatnaşdylar. Gatnaşyjylar guramanyň ag...
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestr we tanymal aýdymçy-sazandalar türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler
“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan konsert boldy. Medeniýet ministrliginiň gurnan tematiki çäresinde dogduk diýara we halkymyza söýgi owazlarda beýan edildi. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda belli sazandalar we aýdymçylar çykyş etdiler. Konserti tanymal skripkaçy, Türkmenistanyň halk artisti Gasan Mämmedow açdy,ol ajaýyp türkmen kompoziory Nury Halmämmedowyň “Artygyň aýdymy” eserini ýerine...